Gurluşyk we energetikada öňe gidişlik gazanyldy

Gurluşyk we energetikada öňe gidişlik gazanyldy
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça alty aýda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,6 göterime barabar boldy, şunda 104,5 göterim ösüş gazanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow anna güni geçirilen giňişleýin maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň ýanwar – iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäher häkimligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 110,3 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 106,8 göterime deň boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça alty aýda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,6 göterime barabar boldy, şunda 104,5 göterim ösüş gazanyldy.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň, meýilnamasy 101,4 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe elektrik energiýasyny eksport etmegiň meýilnamasy 107 göterim ýerine ýetirildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirip, ýurdumyzyň täze gurulýan desgalarynda işleriň ýagdaýyny seljermegi, şeýle hem 2020-nji ýyl üçin gurluşyk işleriniň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda täze şäherleriň we şäherçeleriň giň gerimli gurluşygynyň ýaýbaňlandyrylandygyny belläp, gurluşyk serişdelerini, şol sanda sementi, demir gurnamalaryny, köp mukdarda timarlaýyş serişdelerini uly möçberde öndürmek üçin kuwwatly senagaty döretmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu işe ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini hem çekmek bilen şu meseläniň çözgüdini gyssagly tapmagyň üstünde işlemek hem-de Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat bermek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.