“Apple” karz kartlaryny ulanyşa girizdi

“Apple” karz kartlaryny ulanyşa girizdi
“Apple Card” ilkinji gezek kompaniýanyň mart aýynyň 25-ne geçiren ýörite çäresinde tanadylypdy.

“Apple” kompaniýasynyň “Goldman Sach” banky bilen bilelikde işläp taýýarlan “Apple Card” karz kartlary sişenbe güni ulanylyşa goýberdi. Birinji tapgyrda kompaniýa tarapyndan ýörite saýlanan ulanyjalara paýlanjak bu kart awgust aýynyň soňuna çenli ABŞ-daky ähli “Iphone” ulanyjylary üçin elýeter bolar. Kompaniýa “Apple Card” almak üçin ozal ýüz tutan müşderileriniň arasyndan tötänleýin saýlap, olara bu karty almak boýunça çakylyk ugratjagyny aýtdy.

“Apple Card”-y almak isleýän müşderileriň “Iphone”-larynda pesinden “iOS 12.4” dolandyryş ulgamy gurlan bolmagy talap edilýär. Onlaýn hasaba alyş panelinde müşderileriň salgylary, doglan günleri, girdejileri we ätiýaçlandyryş belgileri soralar. Degişli maglumatlary dolduran müşderileriň bu karty almaga gabat gelýändigi ýa-da gelmeýändigi şol wagtyň özünde habar berler. Kompaniýa tarapyndan tassyklanan müşderileriň “telefon gapjyklarynda” täze kart peýda bolar. Müşderiler hasaba alyş prosesiniň dowamynda goşmaça maglumat bermek arkaly onlaýn kart bilen bir hatarda hakyky karta hem eýe bolup bilerler.

“Apple Card” ilkinji gezek kompaniýanyň mart aýynyň 25-ne geçiren ýörite çäresinde tanadylypdy.