Hazarýaka ýurtlary telekeçiler bilen logistika hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrar

Hazarýaka ýurtlary telekeçiler bilen logistika hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrar
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow

Ulag we logistika ulgamyna bagyşlanyp “Deňiz” myhmanhanasynda geçirilen tegelek stolyň soňunda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow maslahatyň netijeleri boýunça beýanat berdi.

Tegelek stolyň esasy mowzugynyň dürli ulag geçelgelerinde ýükleri daşamakda ýüze çykýan meselelere çözgüt tapmak bolandygyny aýdan Ýelizarow maslahata Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet wekilleri bilen bir hatarda telekeçileri hem gatnaşandygyny belläp geçdi,

Ýelizarow duşuşyklaryň önjeýli geçendigini aýdyp: “Ähli taraplar meseleleriň çözgütlerini nazarlaýan çykyşlar etdiler. Eger ýurtlar goldasa indiki ýyl bu tegelek stoly forum derejesinde, has hem giňişleýin geçirmegi maksat edinýäris. Häzirki çärede çäkli sanda telekeçi gatnaşdy. Biz olary bilermen hökmünde çagyrdyk. Gelejek ýyllarda olaryň has köp sanda gatnaşmaklaryna garaşýarys” diýdi.

Maslahatyň dowamynda “Platon” ulgamyny ýerleşdirmek boýunça teklipler edilendigini belläp geçen Ýelizarow resminamalar bilen bagly meseleleri, port infrasturukturasyny ösdürmegiň ugurlaryny maslahatlaşandyklaryny aýtdy.  

2022