Biologiýa instituty azolla ösümliginiň üstünde işleýär

Biologiýa instituty azolla ösümliginiň üstünde işleýär
Azolla ekerançylykda, esasan-da, şalyçylykda azot gory – biodökün, maldarçylykda we guşçulykda – iým hökmünde we akaba suwlaryny biologiki taýdan arassalamakda peýdalanylýar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener–tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagyndaky Umumy we amaly biologiýa institutynda guralan öňdebaryjy döwletleriň enjamlary we beýleki tehnologik serişdeler ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryna doly gabat gelýär.

Institutda ylmyň umumy biologiýa, öýjük biologiýasy, genetika, tebigy baýlyklar bolan ösümlikler, haýwanat we mikroorganizmler dünýäsini öwrenmek, olaryň biohimiki, fiziki-himiki, dermanlyk häsiýetlerini anyklamak, oba hojalyk ekinleriniň we mallarynyň seçgi-tohumçylyk işlerini talabalaýyk alyp barmak, täze görnüşlerini döretmek boýunça düýpli hem-de amaly-ylmy barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şu maksat bilen, ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilen dürli ösümlikleriň biologiýa-ekologiýa aýratynlyklaryny we olaryň Türkmenistanyň oba hojalygyndaky ähmiýetini öwrenmek meselesi esasy wezipeleriň biridir. Geljekde ýurdumyzda uly ähmiýete eýe boljak ösümlikleriň biri-de azolladyr.

Azolla bu subtropiki suw ösümligi bolup, dünýä möçberinde ekerançylykda, esasan-da, Orta Aziýada we dünýäniň beýleki ýurtlarynda şalyçylykda azot gory – biodökün, maldarçylykda we guşçulykda – iým hökmünde, şeýle-de, akaba suwlaryny biologiki taýdan arassalamakda peýdalanylýar.

Azolla atmosfera azotyny ýokary tizlikde, köp mukdarda özleşdirip, bir ýylda gektara 1000 – 1400 kilogram azota barabar bolup, şalyçylykda biodökün hökmünde ulanylanda, onuň hasyllylygy 20–25 göterim artýar we her gektaryň hasyllylygy 60–70 sentner (azot döküni ulanylmazyndan) ýokarlanýar, suwaryş suwlarynyň ýüzüni ýaşyl ýapynja bilen büräp, ekin meýdanynda suwuň köp mukdarda bugarmagynyň öňüni alýar.

Bu ösümlik, esasan hem, azot ýetmezçilik edýän suwlarda, şaly meýdanlarynda azot gory hökmünde ulanylýar.

Suwuň aýalyp saklanmagy, arassalygynyň üpjün edilmegi, aýratyn-da, onuň ýetmezçiligi häzirki wagtda dünýä möçberindäki esasy, düýpli meseleleriň biri bolup, suwy tygşytly peýdalanmak, senagat kärhanalarynyň çykarýan hapa suwlaryny biologiýa taýdan gaýtadan arassalap, tehniki maksatlar üçin peýdalanmak zerurlygy ýüze çykýar. Azolla suwy biologiýa taýdan arassalamak üçin ulanylyp, akýan suwlardan agyr metallary – hromy, nikeli, misi, sinki we gurşuny aýryp bilýär.

Bu ösümligi ösdürmek şor akaba suwlary arassalamagyň ekologiýa taýdan arassa usulydyr. Geljekde bu ösümligiň düzümindäki biologiki işjeň maddalary öwrenmek, innowasion biotehnologiýalar arkaly anyklamak, täze bioenergetikany döretmek giň gerime eýe bolar.