“Şimşek Inc.” Türkmenistanda şahamça açmagy meýilleşdirýär

BT
“Şimşek Inc.” Türkmenistanda şahamça açmagy meýilleşdirýär
“Şimşek Inc.” kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan Mahmut Şimşek we ekport boýunça direktory Fatih Topal

Türkiýäniň alýumin öndürijisi “Şimşek Inc.” Türkmenistanda şahamça açmagy meýilleşdirýär.

Bu barada kompaniýanyň eksport boýunça direktory Fatih Topal Aşgabatda geçirilýän “Türkmengurluşyk-2019” halkara sergisiniň dowamynda “Biznes Türkmenistana” beren beýanatynda mälim etdi.

Aşgabada iş saparlarynyň dowamynda birnäçe döwlet edaralary bilen görüşmegi göz öňünde tutýandyklaryny aýdan Topal: “Türkmenistanda öz şahamçamyzy açmagy meýilleşdirýäris. Häzirki wagtda degişli seljermeleri geçirýäris. Bularyň netijesinde Türkmenistanda maya goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi maksat edinýäris” diýdi.

Türkmenistanyň ýokary depginler bilen ösýän ýurtdygyny belläp geçen Topal: “Türkmenistanda gurluşyk ulgamy has hem işjeňlik gazanmaga başlady. Doganlyk ýurdumyz bizi her gelşimizde aýratyn täzelik bilen garşy alýar. Bilşiňiz ýaly täze ‘Aşgabat-siti’ taslamasy bar. Şeýle ýurt bilen biz hem hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek isleýäris” diýip, hyzmatdaşlyga bolan isleglerini beýan etdi.

Ilkinji gezek 2014-nji ýylda geçirilen gurluşyk harytlary sergisine gatnaşan “Şimşek Inc.” Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygyna hem öz önümlerini iberdi. Bu barada Topal: “Sergä ilkinji gezek gatnaşan ýylymyz Olimpiýa şäherçesiniň hem gurluşygy başlanypdy. Şäherçäniň çäklerinde bina edilen Olimpiýa stadionynyň gurluşygyna ýanmaýan harytlaryň 15 trallerini ugratdyk” diýdi.

“Şimşek Inc.” kompaniýasynyň önümçilik zawody Türkiýäniň Diýarbekir şäherinde ýerleşýär. Soňky 11 ýyl bäri alýumin önümçiligi ulgamynda işler alyp barýan kompaniýa Türkiýede sertifikatlaşdyrylan ýeke-täk “A2” ýanmaýan alýumin panel öndürijisi bolup durýar. 

2022