Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy 7-nji gezek geçirilýär

BT
Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy 7-nji gezek geçirilýär
Türkmenistanyň ähli künjeginde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary bilen geçirilýän biraýlyk başlandy.

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň ähli künjeginde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary bilen geçirilýän biraýlyk başlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 2013-nji ýylyň iýun aýynyň 7-sine beren teklibi esasynda birnäçe ýyl bäri geçirilip gelinýän bu biraýlygyň dowamynda ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda mowzuklaýyn maslahatlar guralar, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň sowatlylyk derejesi ýokarlandyrylar. 

Çäräniň meýilnamasyna laýyklykda ýol gözegçilik gullugynyň eko-welosiped toparlary mekdeplerdir ýokary okuw jaýlarynyň ýanynda nobatçylyga başlady.

Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygy “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Kanuna laýyklykda alnyp barylýar. Kanun esasynda bellenen kadalary bozan ýol ulag hereketine gatnaşyjylar “Türkmenistanyň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakynda Kodeksi” esasynda jogapkärçilige çekilýär.

Halkara jemgyýetçiliginde hem ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin birnäçe çäreler alnyp barylýar. Muňa mysal hökmünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2011-nji ýylyň maýynda başladylan “Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň 10 ýyllyk meýilnamasyny” (Decade of Action for Road Safety 2011–2020) görkezmek bolar.

Şeýle hem BMG dünýä ýüzünde ýol hereketiniň howpsuzlygy hepdeligini geçirmäge ilkinji gezek 2007-nji ýylda başlady. Bu hepdelikleriň soňkusy maý aýynyň 6-12-si aralygynda geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022