TSTB ysraýyl kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna gyzyklanma bildirýär

TSTB ysraýyl kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna gyzyklanma bildirýär
Ysraýyl döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Moşe Kamhi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) ysraýyl kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna gyzyklanma bildirýär.

Bu barada Çarşenbe güni TSTB-de Ysraýyl döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Moşe Kamhi bilen geçen duşuşykda agzaldy diýip, TSTB-niň resmi saýty habar berýär.

TSTB-nyň başlygy myhmana Birleşmäniň iş ugurlary we üstünlikleri, ýurdumyzda telekeçilik işini ösdürmäge döwlet tarapyndan berilýän goldawy bilen tanyşdyrdy. 

Geljegi bolan taslamalaryň hatarynda türkmen telekeçileriniň Ahal welaýatynyň administratiw merkeziniň we Aşgabat-sitiniň gurluşygyna gatnaşmagy agzaldy. Görkezilen taslamalarda innowasion tehnologiýalarynyň has wajypdygy aýdyldy.

Türkmen işewürlik jemgyýetiniň ýolbaşçysy himiýa pudagyny ösdürmekde halkara işewür aragatnaşyklaryny artdyrmak, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçiligiň bardygyny belläp, TSTB-nyň IT-tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda ysraýyl kompaniýalarynyň baý tejribesini ulanmaga, bilelikdäki önümçilikleri döretmäge we maýa goýujylary çekmäge isleg bildirýändigini nygtady.

Türkmen ykdysadyýetiniň durnuklylygyny we ýurdumyzda döredilen maýa goýum gurşawynyň özüne çekijiligini aýdan ysraýyl diplomaty iki ýurduň işewürleriniň gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Öz ýurdunyň ygtyýarly wekili hökmünde myhman bu işe hemme taraplaýyn ýardam etjekdigini aýtdy.

Işewürlik ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda geljegi bolan ugurlar hökmünde oba-senagat toplumy, damjalaýyn suwaryş ulgamlary üçin enjamlaryň getirilmegi, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda özarahereket bellenildi.

Iki ýurduň işewürleriniň duşuşyklarynyň guralmagynyň möhümdigi aýratyn belläp, söhbetdeşler şolaryň birini TSTB-nyň meýdançasynda geçirmek hakynda ylalaşdylar.

2022