Saud arabystanly hyzmatdaşlara bilelikdäki taslamalar teklip edildi

BT
Saud arabystanly hyzmatdaşlara bilelikdäki taslamalar teklip edildi
Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, döwlet ministri Emir Turki bin Muhammed bin Fahad bin Abdul Aziz Al Saudy

“Baý uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistan şolaryň ilkinji nobatda halkyň bähbidine ulanylmagyna, şeýle hem dünýä bazarlaryna çykarylmagyna gönükdirilen syýasata eýerýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, döwlet ministri Emir Turki bin Muhammed bin Fahad bin Abdul Aziz Al Saudy bilen geçiren duşuşygynda belledi.

Çarşenbe güni geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň dünýäniň iri energetika döwletleridigini nazara alanyňda, nebitgaz pudagynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýandygy hakynda aýdyldy.

Duşuşykda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň düzümleýin taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly, energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmagyň köpugurly ulgamyny döretmek strategiýasyny amala aşyrýandygy hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny görkezmek bolýandygy bellendi. Şol bir wagtda, köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu taslama uly gyzyklanma bildirýändikleri nygtaldy.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gaýtadan işleýän pudagynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürmäge niýetlenen ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine ähmiýet berilýändigi we şeýlelikde, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy maslahatda agzaldy.

Milli Liderimiz ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýa serişdeleriniň çekilmegine ähmiýet berýändigini belläp, Saud Arabystanyndan bolan hyzmatdaşlara nebitgaz, himiýa we oba hojalyk pudaklaryndaky bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna garamagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhmanlar tutuş dünýäde abadançylygyň bähbidine kybap gelýän türkmen-saud gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle hem çarşenbe güni saud arabystanly ministr Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

2022