Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň jemlerinde çarşenbe güni Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.
Resmi ylalaşyklar, hususan-da, şulardan ybarat boldy:
- Ýer gazmak tehnikasyny satmak we satyn almak boýunça Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň “ITOCHU” kompaniýasynyň arasynda Baş ylalaşygy;
- Awtoulag serişdelerini satyn almak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen Ýaponiýanyň “Sumitomo” kompaniýasynyň arasynda Baş ylalaşygy;
- Gazy gaýtadan işläp benzin öndürýän häzirki zawodyň netijeleriniň esasynda ikinji toplumynyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak barada “Türkmengaz” döwlet konserni we Ýaponiýanyň “Kawasaki” hem-de “Sojitz” kompaniýalary toparynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
- “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Mitsubishi” we Türkiýäniň “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi” kompaniýalary toparynyň arasynda Türkmenistanda ammiak we karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky çarçuwaly ylalaşyga №2 goşmaça;
- “Türkmenhimiýa” döwlet konserni we “Sojitz”, "TTCL Public Company Limited", “Rönesans” kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasynda Türkmenabatdaky himiýa zawodynda konsentirlenen fosfor dökünini öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak boýunça şertnamanyň esasy hakynda ylalaşygy.
Şeýle hem Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde geçen ikitaraplaýyn duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri hem-de geljekki mümkinçilikler girizildi.
Onuň çäklerinde hem şu ylalaşyklar gazanyldy:
- Infrastruktura babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrleriniň arasynda Ähtnama (ýol kartasy bilen);
- Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda täzelenen we resmileşdirilen 4-nji ylalaşygy.