Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada ýokary derejeli duşuşyklar geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada ýokary derejeli duşuşyklar geçirdi
“Kwirinale” köşgüniň “Arazzi di Lilla” zalynda giňişleýin düzümde ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte, şeýle hem ýurduň Prezidenti Serjio Mattarella bilen gepleşikler geçirdi.

“Kiji” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte bilen duşuşdy.

Italiýanyň Hökümetiniň Başlygy Rimde geçirilýän gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge, geljegi nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýurtlary, hususan-da, Italiýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigini belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Juzeppe Konte döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyň käbir möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Italiýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşky gurşaw, ýeri we deňzi goramak ministrliginiň arasynda howanyň üýtgemeginiň täsiri, töwekgelçiliklere baha bermek, uýgunlaşmak we täsiri azaltmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Bilim, uniwersitetler we barlaglar ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda “Kwirinale” köşgüniň “Arazzi di Lilla” zalynda giňişleýin düzümde ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. 

Duşuşykda Italiýa we Türkmenistanyň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly kuwwata eýedigi bellenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýada türkmenleriň döwleti bolan Parfiýanyň Gadymy gymmatlyklarynyň sergisini guramagy teklip etdi. Türkmenistanyň Prezidenti italiýaly kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.