Türkmenistanda kärhana açmak: nämeden başlamaly?

BT
Türkmenistanda kärhana açmak: nämeden başlamaly?

Türkmenistanda ýerli hususy kärhanalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň şahamçalarynyň işleri Türkmenistanyň Raýat kodeksi, Türkmenistanyň “Kärhanalar hakyndaky” kanuny, Türkmenistanyň “Daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky” kanuny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

Kärhanalary açyp, telekeçilik işlerini alyp barmak esasan hojalyk jemgyýeti, hususy kärhana ýa-da açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hökmünde amala aşyrylýar.

Hojalyk jemgyýeti näme?

Hojalyk jemgyýeti diýlip, bilelikdäki işi amala aşyrmak üçin iki we şondan köpräk fiziki we (ýa-da) edara görnüşindäki taraplaryň birleşigi hasaplanylýar. Jemgyýet ony esaslandyryjylaryň arasynda baglaşylýan şertnama esasynda döredilýär.

Hojalyk jemgyýetini esaslandyrmak üçin, Türkmenistanyň raýaty bolmaklyk zerur däldir, islendik ýurduň raýatlary Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda hojalyk jemgyýetini esaslandyryp bilerler. Bellige alyş möhleti resminamalar doly tabşyrylandan soň 2,5-3 aýdyr.

Hojalyk jemgyýetiniň emlägi hojalyk şereketine gatnaşyjylar bolan fiziki we (ýa-da) edara görnüşindäki taraplaryň esaslyk maýasyndaky paýlaryň (goýumlaryň) birleşmeginiň hasabyna emele gelýär. Jemgyýetiň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanda bellenilen zähmet hakynyň iň pes möçberinden 100 esse möçberden ybarat bolmalydyr. Mysal üçin, bu möçber 2019-njy ýyl üçin 79 000 (ýetmiş dokuz müň) manat hökmünde kesgitlenendir.

Hojalyk jemgyýetini döretmegiň we onuň işiniň esasy hökmünde esaslandyryş şertnamasy hasaplanylýar, şeýle şertnama kärhanany esaslandyryjylar tarapyndan baglaşylýar. Şertnamada hоjаlyk jemgyýetiniň işiniň mazmuny we maksatlary, hоjаlyk jemgyýetiniň ady we hukuk salgysy, esaslyk maýasy, işiniň esasy ýörelgeleri, dolandyryş edaralary, esaslandyryjylaryň hukuklary we borçlary, hojalyk jemgyýetiniň girdejisini paýlamak, hojalyk jemgyýetiniň hasaba alşy we ýöredişi hem-de ýaşyrynlygyň tertibi bolmalydyr.

Hojalyk jemgyýetini dolandyrmagyň tertibi we onuň işlerini alyp barmak tertipnama bilen kesgitlenilýär.

BT Hukuk Bölümi

2022