Lebabyň ilkinji jorap kärhanasynyň önümçiligi 900 müň jübüte ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebabyň ilkinji jorap kärhanasynyň önümçiligi 900 müň jübüte ýetdi
Kärhanada günde zenanlar we erkekler üçin joraplaryň 24-nji ölçegden başlap, 44-nji ölçege çenli aralyklarynyň 150-den 220-ä golaý jübüdi öndürilýär.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki jorap öndürýän kärhana ýylyň başyndan bäri joraplaryň 900 müňe golaýyny öndürdi.

Welaýatyň ilkinji jorap kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Atamyrat Jumakulyýew tarapyndan 2017-nji ýylda işe girizildi.

Hususy kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda zenanlar we erkekler üçin gyşky-ýazky joraplaryň 24-nji ölçegden başlap, 44-nji ölçege çenli aralyklarynyň 150-den 220-ä golaý jübüdi öndürilýär.

Joraplaryň düzüminiň 75%-ni arassa pagta ýüplügi tutýar. Çig mal hökmünde pagta ýüplügi bilen bir hatarda spandeks, elastan ýaly elastik maddalary hem ulanylýar.

Önümçilikde Hytaý Halk Respublikasynyň we Italiýanyň enjamlaryndan peýdalanylýar.

Türkmenistanda hususy jorap önümçiligi Balkan welaýatynda hem alnyp barylýar. Balkanabat şäherinde 2018-nji ýylda açylan “Batly gadam” hususy kärhanasy gündelik 50 müňe golaý jorap önümlerini öndürýär. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022