Türkmenistan Özbegistana elektrik energiýasyny eksport eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Özbegistana elektrik energiýasyny eksport eder
Türkmenistanda 2024-nji ýyla çenli öndürilýän elektrik energiýanyň möçberini 33 milliard kilowat-sagada çenli ýetirmek meýilleşdirilýär.

Özbegistanyň Energetika ministrliginiň milli elektrik tory kompaniýasy Türkmenistanyň Energetika ministrligine degişli “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen 2019-2020 ýyllarda elektrik energiýasyny satyn almak boýunça ylalaşyga geldiler.

“Gazeta.uz” neşiriniň habar bermergine görä, özbek kompaniýasy 1-nji dekabrdan başlap elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde oňyn üýtgeşmeleriň boljakdygyny mälim etdi.

2018-nji ýylda Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda içerki elektrik geçiriji ulgamy kämilleşdirmek maksady bilen 500 million ABŞ dollaryna barabar bolan ylalaşyk baglaşyldy. Şol ylalaşyk Ahal — Balkan hem-de Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmäge degişlidir.

Türkmenistanda 2024-nji ýyla çenli öndürilýän elektrik energiýanyň möçberini 33 milliard kilowat-sagada çenli ýetirmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna işjeň goşulyşmagy Türkmenistan – Özbegistan – Täjigistan – Owganystan – Pakistan (TÖTAP) halkara taslamasynyň çäklerinde türkmen elektrik energiýasynyň iberilýän mukdaryny artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder.

2022