DIM-däki brifing: Aral deňzi we Hazar ykdysady forumy üns merkezinde

BIZNES TÜRKMENISTAN
DIM-däki brifing: Aral deňzi we Hazar ykdysady forumy üns merkezinde
Brifinge Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem žurnalistika hünäriniň talyplary çagyryldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde (DIM) şenbe güni Türkmenistanyň 2017-2019-njy ýyllary aralygynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk etmegine, şeýle hem 11-12-nji awgustda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem žurnalistika hünäriniň talyplary çagyryldy.

Gatnaşyjylar Türkmenistanyň AHHG-niň çäklerinde alyp barýan işleriniň netijeleri bilen, şol sanda Aral deňzi basseýniniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça maksatnamasynyň işläp taýýarlanylmagy we Daşky gurşawy goramak boýunça işleriň sebitleýin maksatnamasy bilen tanyş boldular.

“Türkmenistan AHHG-niň esasy maksadyny durmuşa geçirmäge – Aral deňzi basseýniniň ekologiki we durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga goşant goşdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda degişli Kararnamalaryň kabul edilmegi bilen, Türkmenistan ekologiki çökgünligi çözmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagalalarynyň geljekde jebislendirilmeginde esasy orny eýeleýär” diýip, çykyş edenler belledi.

Brifingiň dowamynda gatnaşyjylar 11-12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen we diňe Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda däl-de, eýsem bütin Ýewraziýa yklymynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny emele getiren Birinji Hazar ykdysady forumynyň möhüm ähmiýeti barada tanyşdyryldylar. Bu forum söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin netijeli platforma bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle-de gatnaşyjylara Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmegine we Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp, maglumatlary özünde jemleýän ýörite neşirler bilen hem tanyşdyryldy.

2022