Ahally ekerançylar 3 müň gektardan gowrak ýerden hasyl aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahally ekerançylar 3 müň gektardan gowrak ýerden hasyl aldylar
Ahal welaýatynyň ekerançylary geçen ýylyň dowamynda 3,280 gektar meýdandan gök-önüm hasylyny aldylar.

Ahal welaýatynyň ekerançylary geçen ýylyň dowamynda 3,280 gektar meýdandan gök-önüm hasylyny aldylar.

Döwlet tarapyndan buýurmalary ýerine ýetirmek bilen hususan-da, 1580 gektardan ýer alamanyň, 600 gektardan soganyň, 495 gektardan pomidoryň, 45 gektardan hyýaryň, 160 gektardan kelemiň, 400 gektardan käşiriň hasylyny ýygnadylar.

Ahal welaýatynyň çäklerinde telekeçiler tarapyndan gurulýan ýyladyşhanalaryň hem sany artyp, hasyllaryň müňlerçe tonnasy alynýar.

Geçen ýyl welaýatyň Kaka etrabynda ýylda 1000 tonna pomidor öndürijilik kuwwatly “Röwşen-Rahym” daýhan hojalygynyň, 12 müň 500 tonna pomidor öndürmäge kuwwaty bolan “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň, Gökdepe etrabynda 3 müň 800 tonna hasyl almaga ukyply "Yrsgal Ojagy" hojalyk jemgyýetiniň döwrebap ýyladyşhanalary guruldy.

Eksport kuwwatyny artdyrýan türkmen telekeçileri tamamlanan ýylda 17.5 million ABŞ dollaryndan gowrak pomidor hasylyny, şeýle-de 2.7 million ABŞ dollaryndan gowrak gök-bakja ekinlerini daşarky bazarlara iberdiler.