Türkmenabadyň “Ýüpek” önümçilik birleşiginde toplumlaýyn durkuny täzelemek işleri tamamlandy. Birleşigiň çäginde iki täze önümhananyň gurluşygy hem-de önümçilik prosesini artdyrjak tehniki enjamlaryň döwrebaplaşdyrylyşy amala aşyryldy.
“Lebapýüpek” birleşigine degişli Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän zawodda tohumçylyk işleri alnyp barylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ýerde ýüpek gurçugynyň “Türkmen-13”, “Türkmen-16”, “Ak pille-1”, “Ak pille-2”, “Dostluk-1” “Dostluk-2” ýaly görnüşleri ýetişdirilip, bulardan ýokary hilli ýüpek ýüplükler alynmaga başlandy.
Toplumda Çärjew etrabyndaky hyzmatdaşlar tarapyndan üpjün edilýän ýüpek gurçugynyň tohumlary ösdürilýär. Tohumlyk pileleri zawodyň barlaghanasynda seçilip alynýar.
Geçen ýyl zawodda 168 kilogramdan gowrak ýüpek gurçugynyň tohumlary taýýarlandy. Şu ýylyň dowamynda bu gymmatly ýüpek çig malynyň taýýarlanyşyny 200 kilogramma çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň ýüpekçileri geçen ýyl 2 müň 262 tonnadan gowrak ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarladylar.