“StixFresh” stikeri miweli önümleriň ýaramlylyk möhletini 14 güne çenli uzaldýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“StixFresh” stikeri miweli önümleriň ýaramlylyk möhletini 14 güne çenli uzaldýar
“StixFresh” stikeri miweli önümleriň ýaramlylyk möhletini 14 güne çenli uzaltmaga ukyplydyr.

Malaýziýanyň “StixFresh” tehnologiýasy ululygy teňňe bilen deň bolup, natriý hlorid, ary mumy we tebigy düzümler bilen örtülen miweli önümleriň ýaramlylyk möhletini 14 güne çenli uzaltmaga ukyply stikeriň halkara patentini almaga garaşýar. Bu barada “FreshPlaza” maglumat portalynyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Stiker orta ölçegdäki miweli önümlere ýelmenýär we örtülen düzümi ýaýratmak bilen onuň zaýalanmak möhletini haýalladýar.

“StixFresh” stikeri Žafri Zainudin tarapyndan döredilip, onuň düzüminde natriý hlorid bar. Žafri stikeriň önümçilik prosesini we ýaramlylygyny kämilleşdirmek üçin üç ýyl sarp edendigini aýtdy. Ilki bilen bu stiker alma, pyrtykal, mango, dragonfrut we papaýa ýaly orta ölçegli miweler üçin döredilipdir. Häzirki wagtda kompaniýa synag işlerini geçirip, kiçi ölçegli we gök, et, süýt önümleri, şeýle hem güller üçin stikeriň görnüşlerini döretmegi meýilleşdirýär.

“Biz awokado üçin stikeri kämilleşdirdik, häzir bolsa, kantalupa üçin stiker döretmegiň üstünde işleýäris” diýip, Žafri aýtdy.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň maglumatyna görä, her ýyl dünýäde sarp etmek üçin öndürilýän iýmitleriň üçden bir bölegi (1.3 milliard tonna) zaýalanýar. Miweleriň we gök önümleriň, şeýle hem köki miwelileriň ýitgi görkezijileri 40 göterimden 50 göterime çenli aralykda üýtgeýär.

“StixFresh” kompaniýasy iki döwletiň çäginde hereket edýär. Kompaniýa ilki bilen Malaýziýanyň Senawange şäherinde işe başlady. ABŞ-niň Kriklend şäherinde “StixFresh USA” şahamçasynyň açylmagy kompaniýany halkara derejesine galdyryp, beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýoly açyldy.

Häzirki wagtda kompaniýa “StixFresh” stikerlerini Indoneziýa, Hindistana we ABŞ-e eksport edip, esasan-da Koreýa, Türkiýe, Taýland we Hytaý ýaly birnäçe ýurtlar bilen gepleşikleri alyp barýar.

2022