Türkmenistanyň DIM-i BMG-niň söwda, azyk, ylym boýunça wekillerini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň DIM-i BMG-niň söwda, azyk, ylym boýunça wekillerini kabul etdi
ÝUNKTAD-iň Sebitleýin utgaşdyryjysy Dmitriý Godunow Türkmenistanyň Söwda we ösüş ulgamyndaky wezipeleri durmuşa geçirmekdäki meýilnama laýyk çemeleşmelerini aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly Halkara maslahatyna gatnaşmaga Türkmenistana gelen BMG-niň birnäçe wekili bilen duşuşyk geçirdi.

BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Sebitleýin utgaşdyryjysy Dmitriý Godunow bilen geçen duşuşykda myhman Türkmenistanyň Söwda we ösüş ulgamyndaky wezipeleri durmuşa geçirmekdäki meýilnama laýyk çemeleşmelerini aýratyn belledi.

Şeýle hem söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistan bilen ÝUNKTAD-yň arasyndaky esasy üç ugur ýagny, maýa goýumy işjeňleşdirmek, gümrük gullugyny, ulag we logistika ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Bütindünýa Söwda guramasyna agza bolmaklyga ýardam bermek meselesini öwrenmek ýaly hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna üns berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNKTAD-yň Söwda we ösüş boýunça Geňeşine girmek meselesine garadylar, şeýle hem giň gerimli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn ösdürmek meselesi boýunça pikir alyşdylar.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) Sebitleýin direktory jenap Wiorel Gusu bilen duşuşygynda taraplar FAO bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda oba hojalygynyň ösüşine ýardam bermek hem-de global ölçegde azyk howpsuzlygynyň meselelerini çözmek ulgamyndaky häzirki taslamalary we maksatnamalary jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde oňaýly geografiki ýerleşmeginiň nazarda tutulmagynda goňşy ýurtlara oňyn täsirini ýetirjek bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň işlenilip düzülmegi boýunça tekliplere hem seredilip geçildi.

ÝUNESKO-nyň Tähran şäherinde ýerleşýän Klaster edarasynyň Başlygy jenap Swetan Swetkowski bilen gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO) arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar.

2022