Türkmenistanyň gümrükçileri UNCTAD bilen işjeň hyzmatdaşlygyny dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň gümrükçileri UNCTAD bilen işjeň hyzmatdaşlygyny dowam edýär
Taraplar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen UNCTAD arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde-de işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirer.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda duşenbe güni BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Dmitriý Godunowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň UNCTAD bilen bilelikde ýurduň gümrük edaralaryna ASYCUDA atly maglumatlar tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

ASYCUDA ulgamynyň girizilmegi bilen goňşy döwletleriň gümrük edaralary bilen gümrük maglumatlaryny alyşmagyň mümkinçilikleri barada giňden pikir alşyldy.

Taraplar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde-de işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirer.

Döwlet gümrük gullugy bilen UNCTAD-iň arasynda “ASYCUDA World” utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň çäginde ýurduň gümrük edaralary 1-nji ýanwardan başlap deklarirlemek ulgamyna geçipdi.