Türkiýeli işewürler Aşgabatdaky sergide ýyladyşhana gurluşygyny ileri tutmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýeli işewürler Aşgabatdaky sergide ýyladyşhana gurluşygyny ileri tutmakçy
Geçen ýyl dokuzynjy gezek gurnalan sergä 70-den gowrak türk kompaniýalaryndan ybarat wekiliýet gatnaşdy.

Şu ýyl onunjy gezek gurnaljak Türkiýäniň eksport harytlarynyň Aşgabatdaky sergisi 12-14-nji fewralda geçiriler.

Türkiýeli işewürler harytlaryny Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda hödürlär. Türk kompaniýalarynyň aglabasy ýyladyşhana gurluşygyny gyzyklanýan taraplara hödürlemäge taýýarlanýar. Bu ýyladyşhana toplumy boýunça häzirki güne çenli gatnaşanlaryň iň ýokary görkezijisi bolar.

Bu ýerde türkiýeli önüm öndürijileriň ýokary hilli eksport harytlary, şol sanda senagat pudaklary, oba hojalygy üçin niýetlenen enjamlary, gaplama enjamlary we etiketkalar, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy, elektronika önümleri, ýumşak mebelleri, dokma önümleri, durmuş himiýasyna degişli serişdeleri, azyk senagatynyň dürli görnüşli önümleri we hojalyk harytlary sergä gelenlere görkeziler.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümet agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde Türkiýäniň Prezidentiniň kömekçisi Fuat Oktaýyň gatnaşmagyna hem garaşylýar.

Geçen ýyl dokuzynjy gezek gurnalan sergä gatnaşmak üçin 70-den gowrak türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan, hünärmenlerinden hem-de wekillerinden ybarat bolan wekiliýet geldi.

2022