Türkmen daýhany Özbegistana jöwen eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen daýhany Özbegistana jöwen eksport etdi
Daşoguz welaýatynda däneliler maşgalasyna degişli bolan jöweniň esasan, ýasmyk,üçaýlyk, gatybaş we altyaýlyk diýen ýerli görnüşleri köp ekilýär.

“Kanagatly daýhan” daýhan hojalygy ilkinji gezek 75 tonna jöweni goňşy Özbegistana eksport etdi.

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän “Kanagatly daýhan” şu ýylyň dowamynda 300 tonna jöweni daşary ýurt bazarlaryna ibermegi meýilleşdirýär.

Däneli ekini Özbegistanyň Horezm oblastyndaky “Xorazm Baliq Sanoat Argo” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti satyn aldy. Bu jemgyýet 2017-nji ýylda esaslandyrylyp, azyk önümlerini, hususan-da, balyk üpjünçiligi bilen meşgullanýar.

Ýurduň demirgazyk welaýatynda däneliler maşgalasyna degişli bolan jöweniň esasan, ýasmyk,üçaýlyk, gatybaş we altyaýlyk diýen ýerli görnüşleri köp ekilýär.

Şu ýyl däneli ekiniň eksportyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýän Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri 2019-njy ýylda daşarky bazarlara $1.8 millionlyk 3 müň 850 tonna däneli ekin ugratdylar.