German logistika kompaniýasy 15 ýyl bäri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk saklaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
German logistika kompaniýasy 15 ýyl bäri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk saklaýar
Azgarhil Mangal: “Biz Türkmenistana ilkinji bolup Germaniýanyň “Adam Opel AG” awtomobil kompaniýasynyň “Vectra” kysymly awtoulagyny getirdik”.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda penşenbe güni türkmen-german tegelek stoly geçirildi. Duşuşyga gatnaşmaga gelen “MTS Mangal Transport & Shipping GmbH” kompaniýasynyň direktory Azgarhil Mangal “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda kompaniýanyň Türkmenistanda 2005-nji ýyldan bäri iş alyp barýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýdan Mangal şol bir wagtda “Gözli”, “Bereketli” we “Beýik ýüpek ýoly” hususy kärhanalary bilen iş alyp barýandygyny belläp geçdi.

“Biz Türkmenistana ilkinji bolup Germaniýanyň “Adam Opel AG” awtomobil kompaniýasynyň “Vectra” kysymly awtoulagyny getirdik” diýip, jenap Mangal ýurda ilkinji gezek hödürlän işi barada gürrüň berdi.

Dürli görnüşli ýükleri daşamak bilen adygan german kompaniýasynyň ýolbaşçysy hususy ulag serişdelerini ulanýandygyny mälim etdi we “Biz amatly bahada hyzmatlar hödürleýäris we müşderileriň isleglerini göz öňüne tutýarys” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

“MTS Mangal Transport & Shipping GmbH” transport-ekspeditor we logistika pudagynda halkara bazarynda köp ýyllyk tejribeli kompaniýadyr. Bu german kompaniýasynyň edara binasy Gamburg şäherinde ýerleşip, onuň Dubaýda, Owganystanda we Gruziýada wekilhanalary hereket edýär.

2022