Türkmenistanda halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi
Zerger elektrik bekedi Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň esasy çeşmesi bolar.

Penşenbe güni Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagy üçin TOP ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi.

Türkmenistanyň energetika ministri Myrat Artykow eýeleýän wezipesinden boşadylyp, täze döredilen müdirligiň başlygy wezipesine bellendi. Energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Pürçekowyň üstüne ýüklendi.

TOP boýunça müdirlik elektroenergetika ulgamynda beýleki halkara taslamalaryň amala aşyrylmagyna-da gözegçilik eder.

2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda TOP elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi.

Täze energiýa köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy Türkmenistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň fewral aýynda geçirildi. Şonda taslama gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda TOP elektrik geçiriji ulgam hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022