“Ykbal açary” Daşoguzda 3 müň gektar hususy meýdanyny özleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ykbal açary” Daşoguzda 3 müň gektar hususy meýdanyny özleşdirýär
“Ykbal açary” hojalyk jemgyýeti müň gektardan gowrak ýerden däneli ekinleriň hasylyny aldy.

“Ykbal açary” hojalyk jemgyýeti Daşoguz welaýatynda şaly, bugdaý we gowaça hasylyny ösdürip ýetişdirdi. Munuň üçin kärhana S.Türkmenbaşy etrabynda 3 müň gektara golaý ýer 99 ýyllyk kärendesine berildi.

Hojalyk jemgyýeti bölünip berlen ýeri tapgyrlaýyn özleşdirip, oba hojalyk ekinleriniň döwlet sargytlaryny ösdürip ýetişdirýär. Geçen ýyl meýdanyň 235 gektarynda gowaça ýetişdirilip, 500 tonna hasyl alyndy.

Geçen güýz möwsüminde hususy kärendeçi 778 gektar meýdana bugdaý ekdi.

“Ykbal açary” kärendä alan ýeriniň 300 gektaryny tüwi ösdürip ýetişdirmek üçin ulandy. Alnan 800 tonna hasyl telekeçä geljekki ýyllarda hem tüwini ösdürip ýetişdirmäge itergi berdi.

Hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde tüwini gaýtadan işleýän hususy kärhanany gurmagy meýilleşdirýär. Bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin “Ykbal açary” hojalyk jemgyýeti Hytaýdan we Russiýadan tüwini arassalamak hem-de un öndürmek üçin kiçi zawodlaryň enjamlaryny satyn aldy. Häzirki wagtda zawodyň enjamlaryny oturtmak üçin binalaryň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Köp ugurly iş alyp barýan “Ykbal açary” hojalyk jemgyýetiniň düzüminde kerpiç öndürýän kärhana hem hereket edýär.