Türkmen telekeçisi Lebapda oba-hojalyk ekinleriniň täze sortlaryny ekýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi Lebapda oba-hojalyk ekinleriniň täze sortlaryny ekýär
Kartoşkanyň “Gala” sorty

“Tebigy ekin” daýhan hojalygy daşary ýurtlardan getiren oba-hojalyk ekinleriniň dürli sortlaryny ekmäge başlady.

Telekeçi Hezret Bäşimowyň 2019-njy ýylda esaslandyran daýhan hojalygy döwlet tarapyndan 99 ýyllyk kärendä berlen 953 gektar meýdany özleşdirýär we kartoşka, sogan hem-de üzüm ekýär.

Şu ýyl Russiýadan kartoşkanyň “Gala” sortuny getiren telekeçi Bäşimow ony 300 gektar meýdanda ekmäge taýynlyk görýär. Telekeçi her gektardan 15-20 tonna hasyla garaşýar. Geçen ýyl 200 gektar meýdana ekilen kartoşkadan 3 müň tonna hasyl alnypdy.

Uzakmöhletleýin kärendä alan ýeriniň 47 gektaryna sogan eken daýhanlar 200-250 tonna hasyla garaşýar. Ekilen soganyň bu görnüşi bolsa, Türkiýeden alnan “Baýram” sortudyr.

Miweçilik bilen hem meşgullanýan “Tebigy ekin” dokuz gektar ýerinde üzümiň “Taýpy” sortuny ekdi.

“Tebigy ekin” daýhan hojalygy oba-hojalyk önümlerini ýerli bazarlaryň we “Lebap miwe” önümçilik birleşiginiň üsti bilen sarp edijilere ýetirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022