Türkmenistanda Somaliniň ilçisi işe başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Somaliniň ilçisi işe başlady
Somaliniň ilçisi Jama Abdullahi Muhammed Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem-de Mejlisinde kabul edildi.

Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Jama Abdullahi Muhammed duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem-de Mejlisinde kabul edildi. Ilçi duşuşyklarda ynanç hatlaryny gowşurdy.

Türkmen parlamentiniň ýolbaşçysy Gülşat Mämmedowa söhbetdeşligiň barşynda ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Jama Abdullahi Muhammedi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda Somaliniň doly ygtyýarly wekili wezipesinde işlemegiň özi üçin uly mertebedigini belledi.

Diplomat ikitaraplaýyn söwda, işewürlik we medeni-ynsanperwer, şol sanda syýahatçylyk hem-de sport ulgamynda gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine öz wekilçilik edýän ýurdunyň uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda geçen duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Somaliniň özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyny bildirdiler.

Diplomatlar ýokary derejeli saparlaryň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orun eýeleýändigi barada belläp geçdiler.

Somaliniň Türkmenistandaky ilkinji ilçisi bolmak bilen, Jama Abdullahi Muhammed türkmen-somali gatnaşyklaryny durnukly ösdürmekde ähli güýjüni gaýgyrmajakdygy barada aýtdy.

Somali Afrikanyň iň gündogar böleginde ýerleşýän ýurt bolup, onuň ilat sany 12 milliondan gowrakdyr. 1960-njy ýylda garaşsyzlygyny alan Somali materikde iň uzyn deňiz kenaryna eýedir.

2022