Türkmen hususy ekerançylar eksportyň mukdaryny yzygiderli ýokarlandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hususy ekerançylar eksportyň mukdaryny yzygiderli ýokarlandyrýar
2019-njy ýylda ýylyň ähli paslynda pomidor ösdürip ýetişdirmek üçin telekeçilere 300 gektara golaý ýer bölünip berildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) oba hojalyk önümçiligi bilen meşgullanýan agzalary bolan hususy hojalyklar eksportyň mukdaryny yzygiderli artdyrýarlar.

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda hususy ekerançylar 6.5 müň tonna golaý pomidory, 3.6 müň tonnadan gowrak kösükli ekinleri, 76 tonna gök-bakja önümlerini, şeýle hem 180 tonnadan gowrak konditer önümlerini daşary ýurtlara iberdiler.

TSTB-niň oba hojalyk bölüminiň maglumatyna görä, 2020-nji ýylyň iki aýynda amala aşyrylan eksportyň mukdary tutuş 2017-nji ýylyň eksportyndan ýokarydyr.

Soňky üç ýylyň dowamynda oba hojalyk önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna iberilmegi bäş esse artdy. Bu döwürde umumy eksportyň mukdary 72 müň tonnadan gowrak bolup, pul möçberinde 68 million ABŞ-niň dollaryndan geçdi.

Geçen ýyl daşary ýurt sarp edijilerine kösükli ekinleriň, gök önümleriň hem-de miweleriň ter we gaýtadan işlenen görnüşleriniň 40 müň tonna golaýy eksport edildi.

Türkmen telekeçileri oba hojalyk önümleriniň eksportynyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen ýyladyşhanalaryň gurluşygyna has uly üns berýärler. 2019-njy ýylda ýylyň ähli paslynda pomidor ösdürip ýetişdirmek üçin telekeçilere 300 gektara golaý ýer bölünip berildi. Bu görkeziji 2018-nji ýyla garanyňda iki esse ýokarydyr.

Geçen ýyl Owganystana, Gazagystana, Gyrgyzystana we Russiýa pomidoryň 21 müň tonnadan gowragy iberilip, pul möçberinde 23 million ABŞ-niň dollaryndan geçdi.

Däne kösükli ekinleriň eksporty soňky üç ýylyň dowamynda birnäçe esse artdy. Bu döwür bakja önümleriň eksporty iki ýarym esse we üzümiňki ýedi esse ýokarlandy.

Şu ýylyň dowamynda türkmen telekeçileri gök-bakja önümleriniň eksportyny Ýewropa ýurtlaryna amala aşyrmagy hem meýilleşdirýärler.

2022