Türkmenistan bilen Marokko dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Marokko dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Marokkonyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Nasser Buritanyň ýolbaşçylygynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew 4-5-nji martda Marokko Patyşalygynda saparda boldy.

Saparyň ilkinji güni türkmen wekiliýetini Marokkonyň Premýer-ministri Saadeddin Osmani kabul etdi. Gürrüňdeşlikleriň barşynda döwletleriň ikisiniň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary, şeýle-de bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işindäki nukdaýnazarlarynyň meňzeşligi aýratyn bellenildi.

Taraplar iki döwletiň we onuň halklarynyň taryhy gymmatlyklaryna hem-de däp-dessurlaryna ygrarlydyklaryny aýratyn nygtadylar. Taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-marokko gatnaşyklaryny ösdürmegiň bar bolan mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Şeýle hem çarşenbe güni Türkmenistan bilen Marokkonyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Marokkonyň wekiliýetine Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Nasser Burita ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda türkmen DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Premýer-ministre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň dekabr aýynda hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere gatnaşmaga iberen çakylyk hatyny gowşurdy.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem halkara guramalarynyň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Marokkonyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk gorlaryny ösdürmegiň wajyplygy bellenildi.

Diplomatlar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyna gyzyklanmany artdyrmakda bilelikdäki işewürler maslahatlaryny gurnamagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem Medeniýet günlerini guramagy öz içine alýan, medeni çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny geljekde hem berkitmekligi özünde jemleýän ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdiler.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň Marokkonyň Mejlisiniň Wekiller Palatasynyň başlygy Habib El Maliki, Marokkonyň Geňeşçiler Palatasynyň Başlygy Hakim Benşamaş, Marokkonyň ykdysadyýet, maliýe we dolandyryş özgertmeleri ministri Mohammed Benşaabun, şeýle-de hususy pudagynyň wekilleri bilen duşuşyklary boldy.