Germaniýanyň awtobuslary Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň bannerleri bilen bezeldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Germaniýanyň awtobuslary Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň bannerleri bilen bezeldi
Germaniýanyň Wisbaden şäheriniň awtobuslary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan bannerler bilen bezeldi.

Germaniýanyň Wisbaden şäheriniň jemgyýetçilik ulaglary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan bannerler bilen bezeldi.

Şeýle hem “МК-Germaniýa” gazetinde şu ýyl möhüm taryhy senäniň dabaraly bellenilmegi bilen birlikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini giňişleýin açyp görkezýän makala hem çap edildi.

Şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen baglanyşykly dünýäniň birnäçe ýurtlarynda dürli çäreler, şol sanda brifingler, tegelek stollar, maslahatlar gurnalýar.

Häzirki wagta çenli Türkiýäniň, Özbegistanyň, Belarusyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde, Awstriýanyň, Gyrgyzystanyň diplomatik akademiýalarynda tegelek stollar, Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçihanasynda, şeýle-de Ýaponiýada, Rumyniýada, Gruziýada, Fransiýada, Pakistanda we başga-da birnäçe beýleki ýurtlarda türkmen Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler geçirildi.

Şeýle-de dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary 11-12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahata çagyryldy.