Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi
Şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň şenbe güni geçirilen altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda birnäçe täze kanunlaryň taslamasyna seredildi. Şeýle-de birnäçe kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada maslahatlaşyldy.

Deputatlaryň garamagyna “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Çykyş edenler ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýdyp, onuň maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna halk hojalygynyň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini bellediler.

Soň “Ekologiýa maglumaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alyp maslahatlaşan deputatlar öz çykyşlarynda daşky gurşawy goramak babatda esasy wezipelere ünsi çekdiler.

Şeýle hem deputatlar “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda”, “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine”, “Kärhanalar hakynda”, “Uglewodorod serişdeleri hakynda”, “Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda”, “Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda”, “Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda” we başga-da birnäçe Kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol kanunlaryň taslamalary bilen bir hatarda, Mejlisiň maslahatyna gatnaşyjylaryň garamagyna “Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy hödürlenildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2020-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk meýilnamasy we birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň gün tertibine girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.