Türkmenistanyň Prezidenti ekologiýa taslamalary boýunça Buýruklara gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ekologiýa taslamalary boýunça Buýruklara gol çekdi
Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we bu ugurda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ulgamynda birnäçe taslamalar tassyklandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak hem-de bu ugurda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ulgamynda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek boýunça birnäçe Buýruklara gol çekdi.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen tebigaty goramak boýunça Mihael Zukkow gaznasynyň (Germaniýa) arasynda “Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy (СADI) – Türkmenistanyň çöllerini gorap saklamak we durnukly peýdalanmak– atly taslamany bilelikde ýerine ýetirmek boýunça Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklady.

Taslamanyň baş maksady Türkmenistanyň çölleriniň biologiýa dürlüligini saklamaga, özboluşly howa şertleri bolan we ajaýyp ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine eýe bolan Garagum sährasynyň ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin ylmy-tehniki aýratynlyklary taýýarlamaga, bilelikdäki meýdan işlerini geçirmäge, bar bolan goraghanalaryň işgärlerini okatmaga ýardam bermekden ybaratdyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek” atly taslama boýunça 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy pudagyň öňünde durýan wezipeleriň çözgüdine gönükdirilendir.

Taslamanyň çäklerinde, daşary ýurtly hünärmenleri çekmek arkaly, oba hojalyk önümçiliginiň birnäçe ugurlary boýunça onlaýn geňeşmeleri guramak göz öňünde tutulýar. Taslamanyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde toplanan tejribe ony ýaýratmak üçin teklip ediler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslama boýunça 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekilmegi şäherleri meýilnamalaşdyrmakda hem-de dolandyrmakda öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanynyň Buýrugy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky “Türkmenistanda suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa we energiýanyň netijeliligi” atly taslama boýunça şu ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekilmegi bilelikdäki taslamanyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Bu taslamanyň maksady suw serişdeleriniň dolandyrylmagyna, energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ýerlerde ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna toplumlaýyn çemeleşmäni öňe sürmekden ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022