“Türkmenaragatnaşyk” agentliginde anna güni “Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň we “Azertelekom” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň wekilleriniň arasynda pudaklaýyn gatnaşyklar boýunça wideomaslahat geçirildi.
Onlaýn maslahatda Hazar deňziniň düýbünden Türkmenistan – Azerbaýjan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmak hakyndaky taslamany durmuşa geçirmegiň meseleleri barada pikir alşyldy.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenbaşy we Siýazan şäherleriniň baglanyşjakdygy hem-de Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda aragatnaşygyň telekommunikasion ugurlaryny kämilleşdirilmegi göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygy berkitjekdigi bellenildi.
Türkmen tarapy taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly teklipleri taýýarlady. Ol ykdysady, tehniki we beýleki degişli ugurlar boýunça garamak hem-de ylalaşmak üçin hödürlenildi.
Şeýle hem taraplar telekommunikasiýa pudagyna maýa goýum serişdelerini çekmek meselelerine üns berdiler we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmagyň, ulanmagyň, hyzmat etmegiň we goramagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Azerbaýjan öz ýurdunyň we Türkmenistanyň arasynda Hazar deňziniň düýbünden baş fiber-optiki kabel ulgamyny çekmek hakyndaky döwletara ylalaşygy aprel aýynda tassyklapdy.
Uzynlygy 300 km boljak kabel ulgamy 2-4 terabit/s möçberde maglumaty geçirmäge mümkinçilik berer.