Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda penşenbe güni onlaýn geňeşmeler geçirilip, oňa iki ýurduň Daşary işler ministriniň orunbasarlary Wepa Hajiýew we Andreý Rudenko ýolbaşçylyk etdiler.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň birnäçesini maslahatlaşdylar. Dünýäde pandemiýa ýagdaýy zerarly ýüze çykan meseleleriň netijeli çözülmegine gönükdirilen özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hem pikir alşyldy. Taraplaryň ikisiniň hem sebitde we dünýäde durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň, şonuň ýaly-da, howpsuzlygyň saklanylmagy boýunça netijeli köpugurly gurallaryň gözlenilmegine ygrarlydyklary bellenilip geçildi.
Diplomatlar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň wajyp ornuny hem nygtap, bu Topara bilelikde başlyklyk edijileriň onlaýn gepleşiginiň ýakyn günlerde göz öňünde tutulýandygyny bellediler.
Söhbetdeşler ýurduň Russiýanyň sebitleri bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändigini hem belläp geçdiler.