Halkara GS1 guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2-3-nji iýun aralygynda wideokonferensiýa arkaly mejlisi geçirildi.
Türkmen tarapyndan onlaýn mejlise Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa gatnaşdy.
Mejlisiň gün tertibinde gaýragoýulmasyz meseleleriň biri COVID-19 epidemiýasynyň köp pudaklaryň işine ýetiren ýaramaz täsiri boldy. Berlen statistiki maglumatlara laýyklykda, epidemiýanyň ýaramaz täsiri syýahatçylyk, ýeňil we elektron senagatynda has hem ýiti duýulýandygy bellenildi.
Global edaranyň baş maksatlary we üç ýyllyk býujeti barada pikir alyşmalaryň çäginde sanly hyzmatlary ösdürmek üçin maýa goýmagyň meýilleşdirilýändigi mälim edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu maksatnamanyň senagaty ösdürmek, dünýäni sanlylaşdyrmak, ähtibarlyk we innowasiýalar ulgamyny emele getirmek meselelerine gönükdirilendigi bellenildi.
Onlaýn mejlisiň dowamynda taraplar GS1-iň ähli guramalary tarapyndan çyzykly şertli belgileri online tertibinde bermek (Activate-Grade) syýasatyny 2023-nji ýyla çenli doly durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdylar. Bu syýasatyň “GS1 Türkmenistan” tarapyndan özüniň alyp barýan gündelik işine doly ornaşdyrylandygy hem bellenip geçildi.
Çyzykly şertli belginiň ýeke-täkdigini we dogry girizilendigini, onuň şol önüm öndürijä hakykatdan hem degişlidigini tassyklamak üçin ulanylýan “Verified by GS1” (GS1 tarapyndan barlanan) ulgamyny işe girizmek meseleleri barada hem pikir alşyldy. Bu ulgam kontrafakt önümlerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berer.
Şeýle hem mejlisiň barşynda GS1 Bileleşigine Katar döwletiniň kabul edişligi guraldy.