Aşgabat we Kair pudagara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Kair pudagara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretdiler
Türkmenistanyň we Müsüriň wekilleri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada pikir alyşdylar.

Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde çarşenbe güni Türkmenistanyň we Müsüriň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirildi. Bu barada türkmen DIM-iň resmi saýty habar berýär.

Söhbetdeşlige iki ýurduň söwda, maliýe we daşary ykdysady aragatnaşyklar, nebitgaz ulgamlarynyň, şonuň ýaly-da söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de gepleşigiň işine Türkmenistanyň we Müsüriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlaryny maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň özara saparlarynyň ähmiýetini bellediler we onuň türkmen-müsür gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň wajyp bölegi bolup durýandygyny nygtap geçdiler.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini hem-de global pandemiýa ýagdaýlarynyň dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetine ýetirýän täsiri barada pikir alyşdylar. Duşuşykda söwda we maýa goýumlar, nebitgaz ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri hem maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşlikde taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň, şeýle-de ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022