Aşgabat bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy maýa goýumlary çekmegi maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy maýa goýumlary çekmegi maslahatlaşdy
Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy 1971-nji ýylda Abu-Dabiniň hökümeti tarapyndan döredildi.

Türkmen wekilleri bilen Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdiniň arasynda çarşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gepleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Söhbetdeşlikde ykdysady, maliýe we nebit-gaz ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekde ösdürilmegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. Taraplar ýurduň iri nebitgaz taslamalaryna maýa goýum serişdelerini çekmek meseleleri boýunça Türkmenistan bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berdiler.

Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň iri kompaniýalarynyň arasynda özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerinde esaslandyrylan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhümdigi barada aýratyn belläp geçdiler.

Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy 1971-nji ýylda Abu-Dabiniň hökümeti tarapyndan döredilen halkara ykdysady goldaw beriş agentligidir. Bu gazna ykdysady we ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ýeňillikli karz serişdelerini berýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Hökümetiň adyndan 2017-nji ýylyň dekabrynda Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen Türkmenistanda dürli desgalary gurmagyň iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekipdi. Şeýle-de Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň arasyndaky Ylalaşyga 2018-nji ýylyň mart aýynda gol çekildi.

2022