Türkmenistan Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň dabaraly harby ýörişine gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň dabaraly harby ýörişine gatnaşýar
Türkmenistan 2010-njy ýylda Moskwada Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe hem gatnaşypdy.

Şu ýylyň 24-nji iýunynda Moskwa şäherinde Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe Türkmenistandan 70 sany harby gullukçy gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Goranmak ministrliginiň resmi internet sahypasynda aýdylýar.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň beýanatyna görä, dabaraly harby ýörişe gatnaşmak üçin Türkmenistanyň harby gullukçylary bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Moldawiýanyň, Mongoliýanyň, Serbiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýaragly güýçleriniň wekilleri Moskwa geldiler.

Dabaraly harby ýörişe 13 müňden gowrak harby gullukçynyň we 234 sany döwrebap hem-de Beýik Watançylyk urşy döwrüniň ýerüsti harby tehnikalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle-de beýanatda Moskwanyň eteginde ýerleşýän Alabino obasynda 15-nji iýunda geçirilen dabaraly harby ýörişiň taýýarlygyna ähli daşary ýurt harbylarynyň gatnaşandygy bellenilýär.

Türkmenistan 2010-njy ýylda Moskwada Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe hem gatnaşypdy.

2022