Türkmen kompaniýasy guş toplumynyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy guş toplumynyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeldýär
“Altyn jüýje” hojalyk jemgyýeti 12 sany desgada jüýjeleriň 93 müňden gowragyny idedýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän “Altyn jüýje” hojalyk jemgyýeti doly awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen üpjün edilen 12 sany desgada jüýjeleriň 93 müňden gowragyny idedýär. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumynda jüýjeleriň kadaly ulalmagy, ösmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulyp, şol bir wagtda hem oňaýly howa ýagdaýyny saklamak, howany hem-de suwy arassalamak üçin niýetlenen enjamlar hereket edýär.

Toplumyň özüne degişli inkubatorly bina hem hereket edip, ol ýylyň dowamynda 5 million jüýjäni çykarmaga ukyplydyr. Inkubatorlarda jüýje çykarmak üçin gerek mukdardaky ýumurtga guşçulyk işi bilen meşgullanýan telekeçilerden satyn alynýar.

Inkubatordan çykan jüýjeler ýörite binalarda kadalara we talaplara laýyklykda, degişli möhlete çenli idedilenden soň­ra, ete tabşyrylýar hem-de söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata ýetirilýär.

Toplumyň çäginde kuwwaty sagatda 10 tonna iými öndürmäge niýetlenen guş iýmini öndürýän döwrebap kärhana hem hereket edýär. Ýewropanyň meşhur önüm öndürijileriniň guşçulyk kärhanalaryna niýetlenen kämil enjamlary iýmiň ýokary görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kärhanada iým öndürmek üçin gerekli çig malyň esasy bölegi guşçulyk toplumynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýär. Dürli ekinlerden taýýarlanan iýmler degişli ýokumlar bilen baýlaşdyrylýar.