TSTB-niň ýolbaşçysy we ABŞ-niň ilçisi işewürlik gatnaşyklary barada pikir alyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-niň ýolbaşçysy we ABŞ-niň ilçisi işewürlik gatnaşyklary barada pikir alyşdylar
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen onlaýn gepleşik geçirdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy Döwran Hudaýberdiýew duşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen gepleşik geçirdi.

TSTB-niň habar bermegine görä, Birleşmäniň başlygy amerikan diplomatyny alnyp barylýan iş ugurlary we türkmen telekeçileriniň geljekki meýilnamalary bilen tanyşdyrdy.

Şeýle-de Hudaýberdiýew türkmen hususy pudagynyň wekilleriniň durmuşa geçirýän iri taslamalary, işewürler tarapyndan täze pudaklaryň özleşdirilmegi, şeýle-de önümleriň eksportynyň giňeldilmegi barada aýtdy.

Telekeçileriň alyp barýan işlerine uly gyzyklanma bildirmek bilen, diplomat iki ýurduň işewürleriniň arasynda guralan gatnaşygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi hem-de TSTB-niň başlygyny bu wezipä bellenilmegi bilen gutlady.

Söhbetdeşlikde türkmen hususyýetçileri bilen amerikan işewürlik toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklary geçirmegiň netijeli boljakdygy bellenildi. Taraplar bu duşuşyklaryň dürli ugurlardaky, şol sanda işewürlik derejesindäki gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin mümkinçilikleri döretjekdigini aýtdylar.

Amerikan ilçisi öz gezeginde özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny gurnamakda goldaw berjekdigine we gelejekde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösjekdigine ynam bildirdi.