Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde penşenbe güni Türkmenistan–Ýewropa Bileleşigi bilelikdäki komitetiniň 19-njy ýygnagy onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Ýygnaga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Daşary işler, Bilim, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. ÝB tarapyndan Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça dolandyryjy müdiriniň orunbasary Lýuk Dewiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropanyň daşary gatnaşyklar gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depgini nygtaldy. Syýasy-diplomatik we ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler. Gatnaşyjylar koronawirus pandemiýasynyň durmuş-ykdysady taýdan zyýanly täsirlerini belläp, bu ýagdaýy ýeňip geçmekde ylmy, tehnologiki we maglumat serişdeleriniň alşylmagy barada ylalaşdylar.
Gepleşiklerde energetika, ulag, aragatnaşyk we sanlaşdyrmak pudagyndaky hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meselelere garaldy. Haryt dolanyşygynyň möçberlerini ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri hem-de Türkmenistan bilen ÝB ýurtlarynyň hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar bilim we saglyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada hem pikir alyşdylar. Ekologiýa, oba hojalygy we maliýe ulgamlaryndaky bilelikdäki maksatnamalara we taslamalara seredildi. Türkmenistan bilen ÝB-iň köp ýyl bäri milli we sebitleýin taslamalaryň çäginde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi bellendi.
Taraplar “Türkmenistan–Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiniň 20-nji mejlisini geljek ýylda geçirmegiň deslapky senelerini kesgitlediler.