Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça çarşenbe güni türkmen-koreý hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary, hususan-da ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklary gazandylar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýokary görkezijileri barada aýdylanda, gatnaşyjylar energetika, dokma senagaty, gämi gurluşygy, sanly tehnologiýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine seretdiler.
Gepleşikleriň barşynda, şeýle hem ýurtda nebithimiýa toplumyndaky taslamalaryň gurluşygyna we döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýan koreý kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Häzirki pandemiýa ýagdaýyny nazara alyp, taraplar saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak we göreşmek ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini nygtadylar. Bu ugurda ýerine ýetirilen özara hereketleriň wagtynda geçirilmegi we netijeliligi barada aýratyn aýdyldy.