USAID oba hojalyk önümlerini eksport edijilere uzakdan maslahat bermäge başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
USAID oba hojalyk önümlerini eksport edijilere uzakdan maslahat bermäge başlady
USAID Türkmenistandaky miwe we bakja önümleriniň öndürijileri üçin eksport boýunça uzakdan maslahatlary bermäge başlady.

ABŞ-niň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek boýunça (CTJ) taslamasy çarşenbe güni Türkmenistandaky miwe we bakja önümleriniň öndürijileri üçin eksport boýunça penşenbe güni uzakdan maslahatlary bermäge başlady. Bu barada USAID habar berýär.

USAID (CTJ) taslamasynyň maksady, Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň eksport ukybyny kämilleşdirmek hem-de miwe we bakja, syýahatçylyk, ulag we logistika pudaklarynda täze iş orunlary döretmekden ybaratdyr.

Maslahatlar aşakda görkezilen esasy mowzuklar boýunça berler:

  • Eksporty öňe sürmegiň gurallary;
  • Miwe we bakja önümleriniň Ýewropa, Ýakyn Gündogara we Günorta-Gündogar Aziýa eksporty;
  • Sergilere taýýarlyk görmek we eksporty öňe sürmek üçin mahabatlandyrma materiallaryň taýýarlanylyşy;
  • Gepleşik geçirmegiň ukyplary;
  • Saýhallamak we gaplamak (söwda standartlary);
  • Hasyly dogry ýygnamak we eksport üçin sowadyjy ammarlarda saklamak;
  • Miwe we bakja önümleri import ediji ýurtlaryň fitosanitariýa talaplary;
  • Miwe we bakja öndürijileriň GDA ýurtlaryndaky döwrebap bölek satuwy bilen hyzmatdaşlygy.

Eksport boýunça uzakdan maslahatlary bermek işi oktýabryň 30-na çenli dowam eder.

2022