“Rysgal” banky ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin karz serişdelerini berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Rysgal” banky ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin karz serişdelerini berýär
Karzlaşdyrmak “Rysgal” banky tarapyndan öz müşderilerine teklip edilýän köpsanly hyzmatlaryň biridir.

Häzirki wagtda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky ilkinji bolup ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin karzlary berýär. Bu barada bankyň karz amallary müdirliginiň başlygy Gulam Sylabow “Rysgal” gazeti bilen geçiren söhbetdeşliginde beýan edýär.

Duşenbe güni neşir edilen söhbetdeşlige görä, karzlaşdyrmak “Rysgal” banky tarapyndan öz müşderilerine teklip edilýän köpsanly hyzmatlaryň biridir.

Hereket edýän karzlaryň görnüşleri barada aýdan Sylabow raýatlara berilýän karzlaryň, esasan, sarp ediş karzlary we ipoteka karzlary bolup, olaryň aýlyk zähmet haky ýa-da beýleki görnüşde durnukly girdejileri bolan adamlara berilýändigini belleýär. “Ipoteka karzlary ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin berilýär”.

“Bank diňe bir müşderilere berlen karzlaryň göterimi hökmünde alynýan girdejisi barada däl-de, eýsem, şol karzlar üçin ýüz tutýan adamlaryň, ýagny goýumlaryň we depozitleriň eýeleriniň serişdeleriniň goraglylygyny we öz wagtynda, meselesiz we doly möçberde yzyna gaýtarylyp alynmagy barada alada etmeli” diýip, müdirligiň ýolbaşçysy aýdýar.

Bankyň, karz almak üçin ýüz tutýan her bir müşderini ählitaraplaýyn öwrenýändigini aýdan Sylabow, müşderiniň ozalky telekeçilik iş tejribesiniň, taslamany maliýeleşdirmekde öz hususy goşandynyň paýynyň bank üçin ähmiýetli şertler bolup durýandygyny belledi. “Şunuň bilen baglylykda bank tarapyndan müşderiniň karz ukyplylygyny görkezýän ýokarda beýan edilen şertleri öwrenmek üçin degişli resminamalar talap edilýär”.

“Rysgal” PTB tarapyndan, amala aşyrylýan taslama boýunça desganyň gurlup, ulanyşa girizilmeginden soňra girewine almak arkaly karz bermegiň täze guralyny ulanylyp başlandy. Şeýle usul bilen köpsanly maldarçylyk we guşçulyk fermalary, ýyladyşhanalar, kiçi önümçilikler, sowadyjy ammarlar we beýleki köpsanly desgalar maliýeleşdirildi we üstünlikli işe girizilip, karzyň girewine resmileşdirildi.

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan müşderiler üçin amatly bolan başga ýeňillikler hem girizilýär. Köp halatlarda karzyň üpjünçiligi hökmünde diňe bir emläk girewine alynman, eýsem, kepillikler we zamunlyklar, şeýle hem karz töwekgelçiligini ätiýaçlandyrmak kabul edilip bilner.

Bank tarapyndan “blank” karzlarynyň, ýagny üpjünçiliksiz karzlaryň berilmegi hem tejribä girizilýär. Bu hukuk, aýratyn ýagdaýlarda, diňe köp ýyllaryň dowamynda özlerini oňat karz taryhy we ikitaraplaýyn bähbitli iş alyp barmagy bilen özüni “Rysgal” bankynyň ygtybarly we ynamdar hyzmatdaşy hökmünde tanadan müşderilere berilýär.

2022