Russiýanyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň liderleri Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlaryny ýolladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýanyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň liderleri Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlaryny ýolladylar
Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli dürli öwüşginli feýerwerkler asmany bezedi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti ýekşenbe güni habar berdi.

W.Putin öz gutlagynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, Aşgabadyň Bitaraplyk syýasatyna eýerip, Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge uly goşant goşýandygyny belledi.

“Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýäris. Dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara howpsuzlygyň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmekde oňyn özara hereketleri bilelikdäki tagallalarymyz bilen mundan beýläk-de işjeň ösdürjekdigimize ynanýaryn. Munuň biziň dostlukly halklarymyzyň düýpli bähbitlerine kybap gelýändigi gürrüňsizdir” diýip, W.Putin öz gutlag hatynda nygtady.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Milli Liderimize ýollan gutlag hatynda 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda ABŞ-nyň Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýandygyny, Türkmenistanyň özbaşdaklygyny, Garaşsyzlygyny we çäk bitewüligini goldap, bu syýasaty geljekde-de dowam etjekdigini beýan etdi.

“Türkmenistan Merkezi we Günorta Aziýanyň gülläp ösmeginde, energetika howpsuzlygy we ulag ulgamlarynda möhüm orun eýeleýär. Parahatçylyk işlerine eýermekde Sizi we Siziň ýurduňyzy doly goldaýaryn hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna umyt edýärin” diýip, D.Tramp nygtady.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Döwlet Baştutanymyza ýollan gutlag hatynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda uzak möhletli durnukly syýasy ýagdaýyň saklanýandygyny, ykdysadyýetiň batly depginler bilen ösdürilýändigini belläp, dostlukly goňşy we strategik hyzmatdaş hökmünde hytaý tarapynyň muňa ýokary baha berýändigini belledi.

“Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin we ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostluga uly sarpa goýýaryn. Ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi hem-de ony iki ýurduň we halklarymyzyň bähbidine täze derejä çykarmak üçin Siz bilen bilelikde tagallalary etmäge taýýardyryn” diýip, Si Szinpin nygtady.

Mundan başga-da, bu ýurtlaryň Baştutanlary bilen bir hatarda Germaniýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň prezidentleri, şeýle hem Britaniýanyň Şa zenany we Saud Arabystanynyň Patyşasy hormatly Prezidentimize öz gutlaglaryny ýolladylar.

 
2022