Türkmenistanyň Prezidenti türkmen tehnologiýa bazarynyň täze önümleri bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen tehnologiýa bazarynyň täze önümleri bilen tanyşdy
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow milli Liderimizi ýurdumyzda elektron önümleriniň çykarylmaga taýýarlanylýan nusgalary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek we ýurdumyzyň  bäsdeşlige ukyply täze önümleriniň dünýä bazarlaryna çykarylyşyny özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek babatda maksadalaýyk işler alnyp barylýar.

TDH-nyň anna güni habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ministrlik ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bilelikde dürli döwrebap enjamlarynyň önümçiligini ýola goýdy.

Ministr S.Berdimuhamedow milli Liderimizi ýurdumyzda elektron önümleriniň çykarylmaga taýýarlanylýan nusgalary bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde ölçegi 65 dýumly täze smart telewizorlar, iki simkartly öýjükli telefonlar, smartfonlar, döwrebap monobloklaryň dürli görnüşleri we kondisionerler, internet ulgamyny paýlaýjylar – routerler, şeýle hem agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen kullerler görkezildi.

Şolaryň önümçiligini giňden ýola goýmak boýunça işleri bilelikdäki “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Bu jemgyýet Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň paýly gatnaşmagynda (49%) döredildi.

Ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri elektron senagatyna degişli önümleriň aýratynlyklary, olaryň önümçiliginde ulanylýan täzeçil tehnologiýalar barada gürrüň berip, hormatly Prezidentimizden täze telewizora, kompýutere, ykjam telefonlara we beýleki enjamlara at dakyp bermegini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen 65 dýumly 4 smart telewizora “Älem”, ýurdumyzda öndürilýän monoblok görnüşli kompýutere bolsa “Şowly” diýlip at dakylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Mundan başga-da, Smart görnüşli telefony “Milli”, öýjükli telefonlaryň iki simkartly kiçi görnüşlisini bolsa “Körpe” diýip atlandyrmak teklip edildi. Şeýle hem milli Liderimiz häzirki döwürde işjeň ulanylýan “Internet ulgamyny paýlaýjy” enjama – routere “Uçgun”, gündelik hojalygyň zerur enjamy bolan agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjama “Teşne”, split görnüşli kondisioneri bolsa “Mylaýym” diýip atlandyrmagy maslahat berdi.

Milli Liderimiz halkymyzyň gündelik durmuşda sarp edýän serişdeleriniň we ulanýan enjamlarynyň üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, şolaryň görnüşlerini artdyrmak we hilini yzygiderli gowulandyrmak meselelerine üns bermegi tabşyrdy hem-de elektron senagatynyň önümçiligini ýokarlandyrmagyň we bahalarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmegiň möhüm talapdygyny belläp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.