Türkmenistan-Owganystan-ABŞ gepleşiklerinde sebitde parahatçylygy pugtalandyrmak maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Owganystan-ABŞ gepleşiklerinde sebitde parahatçylygy pugtalandyrmak maslahatlaşyldy
Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli möhüm meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan-Owganystan-ABŞ formatynda penşenbe güni ilkinji gezek wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarsynyň habar berşi ýaly, gepleşiklere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli möhüm meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen üçtaraplaýyn dialogyň çäklerinde geçirilýän bu ähmiýetli gepleşigiň geljekde sebitleýin gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň, hususan-da Owganystana ýardam bermegiň aýratynlyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna we olar babatynda degişli çözgütleriň kabul edilmegine möhüm itergi bermäge gönükdirilendigini nygtadylar.

Şeýle-de köpýyllyk ýaragly çaknyşyklaryň bes edilmegine we sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen owganara gepleşikleriniň ilerledilmegi gepleşikleriň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Bu ugurda, ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda Türkmenistan, owganara gepleşikleriniň nobatdaky tapgyrynyň geçirilmegi üçin özüniň syýasy giňişligini üpjün etmäge taýýardygy bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Söwda we maýa goýum boýunça ABŞ-nyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky degişli Ylalaşyga (TIFA) laýyklykda gümrük we beýleki amallaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy bilen Owganystanyň, Türkmenistanyň, ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa sebitiniň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler.

Bu ugurda ulag-üstaşyr we ýangyç-energetika geçelgelerini ösdürmegiň ähmiýeti bellenilip, Lapis-Lazuli geçelgesiniň netijeli ulanylmagy boýunça hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar TOPH we TOP ýaly energetika taslamalary bilen ugurdaşlykda, infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri dogrusynda hem pikir alyşdylar.

Häzirki pandemiýa we jemgyýetçilik saglygy ulgamyndaky töwekgelçilikli ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ynsanperwer özara hereketleriň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar Bilelikdäki beýannamany kabul etdiler.

Mundan başga-da, şol gün Mohammad Hanif Atmar we Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekdiler.

 
2022