Türkmen oba hojalykçylary zeýtunyň hasylyny ýygnamaga başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen oba hojalykçylary zeýtunyň hasylyny ýygnamaga başlady
2016-nji ýylda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda ýerli hususy ekerançy 9 gektar meýdanda zeýtun agajynyň ýaş nahallarynyň 1700-sini oturtdy.

Türkmenistanyň oba senagat toplumyndaky döwlet syýasaty pudagy düýpli özgertmäge we döwrebaplaşdyrmaga, onuň gaýtadan işleýän ulgamynyň kuwwatyny artdyrmaga, ilaty özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen doly möçberde üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň üçin pudaga telekeçileri çekmek hem-de oba adamlarynyň işewürlige degişli başlangyçlaryny höweslendirmek maksady bilen, şertler döredilýär.

Şeýle taslamalaryň biri Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda amala aşyrylýar – 2016-nji ýylda ýerli hususy ekerançy uzakmöhletleýin esasda kärendesine alnan 9 gektar meýdanda zeýtun agajynyň ýaş nahallarynyň 1700-sini oturtdy.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gürrüň berşi ýaly, şu ýylyň oktýabr aýynda telekeçi ýygnalyp alnan tagamlylygy bilen tapawutlanýan zeýtun hasylyny sarp edijilere iberip başlady. Miweleri ýygmak işleri noýabr aýyna çenli dowam eder.

Habar berilişine görä, Etregiň subtropik howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän zeýtun baglary dünýäniň beýleki ýurtlaryndaka garaňda 40-45 gün öň hasyl berip başlaýar. Etregiň zeýtunynyň ýaglygy bolsa beýleki ýerlerde ýetişdirilýän hasyllardan 10-15% ýokarydyr.

Zeýtun agaçlary suwsyzlyga çydamly bolup, ol ýylyň ähli paslynda gök öwüsip durýar. Zeýtun miweleriniň 25 görnüşi senagat önümçiliginde giňden peýdalanylýar.

 
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022