Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar
Gepleşikleriň barşynda gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň esasy ulgamlaryny ara alyp maslahatlaşdylarwe bilelikdäki meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň netijeliligini belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn gepleşiklere gatnaşdy.

Ýurdumyzyň DIM-niň saýtynda habar berilişi ýaly, gepleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň esasy ulgamlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ugry boýunça bilelikdäki meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň netijeliligini belläp geçdiler.

Ministr R.Meredow Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň, şol sanda BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilhanasynyň, ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BSGG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, şeýle-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň derwaýys durmuş-ykdysady meseleleriniň çözülmegine goşýan ähmiýetli goşantlaryny belläp geçdi.

Ýiti ýokanç kesellerine garşy göreşmek boýunça meýilnamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, şol sanda sanjymlaryň hem-de öňüni alyş çäreleriniň öz wagtynda geçirilmegi, habarlylygyň üpjün edilmegi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, global pandemiýanyň ykdysady netijelerini ýeňip geçmek üçin zerur serişdeleriň we bilermenlik başarnyklarynyň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy bellenilip geçildi.

Sanlylaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, dünýäniň medeni mirasynyň goralyp saklanylmagy ulgamynda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi boýunça pikirler alyşyldy.

2022