Türkmen kompaniýasy ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlaryny mozaika daşlary bilen bezeýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlaryny mozaika daşlary bilen bezeýär
Kärhanada öndürilýän mozaika önümleri Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyryndaky ýaşaýyş jaýlaryň diwarlaryny bezeýär.

“Türkmen-Mahabat” hususy kärhanasy “Daşly gala” haryt nyşany bilen mozaika bezeg daşlarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Watan habarlar” gepleşiginde çarşenbe güni habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mozaika daşlarynyň önümçiliginde belli bir ölçegdäki aýna bölekleri ilki bilen ýuwulyp, soňra olar guradylýar. Guradylan aýna bölekleri gerekli reňklere boýalyp, olar gerekli tekizlikde ýerine ýetirilýär. Reňklenen aýna bölekleri ýörite kesijileriň kömegi bilen böleklere bölünýär.

Mozaika bu belli bir ýere reňki, şekili keşbi boýunça tapawutlanýan bölejikleriň bezeg maksady bilen, şeýle hem bitewi bir keşbi emele getirmek üçin ulanylýar.

Kärhanada öndürilýän mozaika önümleri Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyryndaky ýaşaýyş jaýlaryň diwarlaryny hem bezeýär. 10 metrlik panellere berk, reňkli aýnalardan taýýarlanylan 2,5x2,5 santimetrlik mozaika modullary ýerleşdirilendir. Her panel 481 müň bölejikden ybarat bolup, olar şekili takyk bermäge mümkinçilik döredýär.

Geljekde “Türkmen-Mahabat” Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygyna gatnaşmagy hem meýilleşdirýär.

2022