Astrahan bilen Eýranyň arasynda konteýner gatnawlary ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Astrahan bilen Eýranyň arasynda konteýner gatnawlary ýola goýuldy
Häzirki wagtda bu gatnaw boýunça 131 konteýner üçin niýetlenen, uzynlygy 20 futa deň bolan iki gämi hereket edýär.

“Hazar deňzi konteýner gatnawlary” kärhanasy (Sankt-Peterburg ş.) Astrahan portundan Eýran portlaryna konteýnerleri eltip bermek boýunça synag işlerine badalga berdi. Bu barada “Эксперт Юг” neşiri Astrahan oblastynyň Senagat we tebigy baýlyklar ministrliginiň beýanatyna salgylanyp, geçen hepde habar berdi.

Habarda  bellenilişi ýaly, şu ýylyň 2-nji dekabrynda uly göwrümli konteýnerlerde (60 TEU) azyk önümlerinden, kartondan we däneden ybarat bolan ýüküň ilkinji tapgyry gämä ýüklenildi.

Hazar deňzinde konteýner gatnawynyň esasy ugry, ýagny Astrahan-Eýranyň demirgazyk portlarynyň arasyndaky gatnaw “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde döredildi. Täze hyzmat ýörite ykdysady port zolagynda hereket eder.

Häzirki wagtda bu gatnaw boýunça 131 konteýner üçin niýetlenen, uzynlygy 20 futa deň bolan iki gämi hereket edýär.

Hazar deňzindäki konteýner gatnawynyň esasy artykmaçlyklary portlaryň arasyndaky yzygider gatnawlaryň gatnamagy hem-de bazara ýa-da möwsüme bagly bolmadyk üýtgemeýän tarifleriň kesgitlenilmegi bolup durýar.